logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitaphanalar ylham ojagy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda «Kitaphanalar ylham ojagy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler kitaphana işinde döwrüň gazananlary bilen aýakdaş gitmek, jemgyýetde kitap okamaklyga bolan höwesi, söýgini has-da artdyrmak, okyjylara gerekli maglumatlary tapyp bermek kitaphana hünärmenleri üçin uly wezipe bolup durýandygyny belläp geçdiler. Şeýle-de ýurdumyzda kitaphana işini döwrebaplaşdyrmak, halkymyzyň ruhy we medeni aň-bilimini artdyrmakdan, giň okyjylar köpçüligine hyzmat etmekden ybaratdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphana ulgamyny has-da ösdürip, döwrebaplaşdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.