logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANALARA GATNAŇ ÝADAMAN, AGRAS KÄMIL BOLAR ÝALY PIKIRIŇ

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplarynyň gelmeginde «Kitaphanalara gatnaň ýadaman, agras kämil bolar ýaly pikiriň» atly gezelenç geçirildi.

Ýaşlarda kitaba bolan söýgüni döretmek maksady bilen guralan gezelenç çäresinde ýaşlar kitaphananyň dürli bölümleri bilen içgin tanyş boldular. Olar kitaphananyň ýaşuly nesiller üçin gündogar äheňinde gurnalan we syýasy jemgyýetçilik edebiýatlar ýerleşdirilen okalga otaglary, kiçi ýaşly nesillerimiz üçin niýetlenen dürli ertekili kitaplar bilen bezelen okalga otaglary, taryhy kitaplary öz içine alýan muzeý otagy, asman jisimlerini ýakyndan öwredýän obserwatoriýa otagy hem-de dürli temalara degişli kitap sergileri bilen hem giňişleýin tanyşyp geçdiler. Oňa gatnaşan ýaşlarda bolsa ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary galdyrdy. Ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmekde we kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan gezelenjiň dowamynda ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplaryny okadylar. Bu bolsa, bagtyýarlyk nuruna beslenen ata Watanymyzda kitaba we kitap okamak sungatyna aýratyn sarpa goýulýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Gezelenjiň ahyrynda ýaşlarymyzyň okamagy, öwrenmegi we döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.