Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde kitap we kitaphanalaryň adamzat durmuşynda tutýan möhüm ornynyň ähmiýeti dogrusynda söhbetdeşlik geçirdi. Kitaplary we beýleki maglumat çeşmelerini okyja elýeterli etmek, kitap bilen işlemegiň tärlerini kämilleşdirmek, ýaş okyjylaryň kitaphanady her bir neşirden höwesli peýdalanmagy üçin kitaphanada alynyp barylýan işer barada täsirli gürrüňler edildi. Okyjylary milli ruhda terbiýelemek, olaryň aň-düşünjesini giňeltmek maksady bilen kitaphanamyzda guralýan hemişelik we döwürleýin kitap sergileriniň ähmiýeti barada hem täsirli söhbetler edildi. Duşuşygyň ahyryna kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek boýunça döwletimizde parasatly başlangyçlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.