logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAPHANALARY ÖSDÜRMEGIŇ MAKSATNAMASY–NESILLERIŇ ÝAGTY GELJEGINIŇ GÜWÄNAMASY

KITAPHANALARY ÖSDÜRMEGIŇ MAKSATNAMASY–NESILLERIŇ ÝAGTY GELJEGINIŇ GÜWÄNAMASY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda «Türkmenistan» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekmegi mynasybetli «Kitaphanalary ösdürmegiň Maksatnamasy–nesilleriň ýagty geljeginiň güwänamasy» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bu Maksatnamanyň kitaphana ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmaga, kitap neşir etmek işini has-da kämilleşdirmäge, kitaphanalaryň kitap gaznasyny has-da baýlaşdyrmaga, kitaphana hyzmatyny guramak işiniň hilini we many-mazmunyny has-da ýokarlandyrmaga, Türkmenistanyň halkara derejesinde kitaphana işi babatdaky maksatnamalaryny ösdürmäge ýardam berjekdigi buýsanç bilen aýdyldy. Çagalar kitaphanasynyň hem şu Maksatnama esasynda okyjylary kitaphanalara çekmek, olarda okamaklyga bolan gyzyklanma döretmek hem-de kitap bilen, kitaphana bilen ýakyn aragatnaşyk saklamagyny gazanmak, döwrebap kitaphanalaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak babatdaky 2025-2029-nji ýyllar üçin öňde goýan maksatnamalaryny, meýilnamalaryny uly buýsanç bilen aýtdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda döredilýän ajaýyp mümkinçilikden peýdalanýan kitaphanaçylaryň, şol sanda kitaphana hyzmatyndan peýdalanyjylaryň özleri üçin döredilip berilýän ähli şertler üçin, kitaphana ulgamyny has-da ösdürip, döwrebaplaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan beýik işler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.