logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAPHANAMYZA KÖRPEJELERIŇ GEZELENJI

KITAPHANAMYZA KÖRPEJELERIŇ GEZELENJI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna Arkadag şäheriniň 5-nji çagalar bakja bagynyň körpeleriniň gelmeginde gezelenç geçirildi.

Körpelerde gowy gylyk-häsiýetleriň kemala gelmeginde kitaplaryň aýratyn orny bardyr. Olar kiçiliginden erteki diňlemäge örän höwesli bolýarlar. Şonuň üçin hem çaganyň bu islegini nazara tutup, oňa terbiýeleýji ertekileri okap bermelidir. Ertekili kitaplary okap bermek bilen, çaganyň aňynda okamaga bolan höwes hem döredilýär. Şeýle bolansoň, çagalara ertekili kitaplary okap berýärler.

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri türkmen halk döredijiligi bolan türkmen halk ertekilerini okamaklygyň hem özboluşly täsiriniň bardygyny çagalara gürrüň berdiler. Ertekileriň gahrymanlarynyň häsiýetleri barada çagalar bilen sorag-jogap alyşdylar.

Gezelenjiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.