logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANAMYZA TÄZE KITAPLAR GELIP GOWUŞDY!

Ýurdumyzda kitaphana jemgyýeti kitaba bolan söýgini pugtalandyrmagyň öňde durýan wezipelerini üstünlikli çözmekde uly işler alnyp barylýar, okamak, öwrenmek üçin ähli şertler döredilýär. Golaýda welaýat kitaphanamyza Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan we “Galkynyş” kitap merkezinden köp tapgyrda täze kitaplar gelip gowuşdy. Kitaplaryň arasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly”, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň XVII tomy türkmen dilinde gelmegi okyjylarymyzy diýseň guwandyrdy. Mundan başga-da, Annagylyç Mätäjiniň “Goşgular ýygyndysy” türkmen dilinde, Sapargeldi Çaryýewyň “Annagylyç Mätäji - lirikanyň ussady” monografiýasy ýaly kitaplar gelip, jemi 466 sany kitaplar welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip kitap gaznasyna tabşyryldy we dessine şäher, etrap kitaphanalaryna paýlanyldy. Kitaplar baradaky maglumatlary kitaphanamyzyň elipbiý we pudaklaýyn elektron kataloklarynda ýerleşdirildi. Kitaphanaçylar täze gelen kitaplary kitap sergileriň, tanyşdyryş dabaralaryň, synlaryň, söhbetdeşlikleriň üsti bilen wagyz ederler, şeýle-de kitaplary nusgalamak we olary sesli okamak işlerini alyp bararlar. Bu bolsa kitaphanalarda okyjylaryň artmagyna kömek eder. Şu ajaýyp döwürde, biziň kämil jemgyýetde döwrebap ýaşamagymyz, okamagymyz, öwrenmegimiz, ýaş nesle milli mirasymyzy mynasyp wagyz etmegimiz üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, başlary dik bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!