logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAPHANAMYZYŇ ELEKTRON DÜNÝÄSI

Mary welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Mary welaýat kitaphanasynyň kompýuter zalynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly kitaphana täze gelen edebiýatlaryň elektron görnüşleri bilen tanyşdyryldy. Islendik ýurduň ösüşi, ilki bilen onuň ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Şonuň üçin jemgyýetiň arasynda ylmyň häzirki zaman gazanan netijelerini durmuşa ornaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak ýurdumyzda gaýragoýulmasyz işleriň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak arkaly ata Watanymyzyň ösüşlerini has-da artdyrmagy ýaş nesliň kämil bilim almagyny gazanmak maksadyny wezipe edip goýdy. Şonuň üçin hem ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrunda degişli işler durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!