logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANANYŇ USULY IŞLERI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölümi kitaphana ulgamyny ösdürmekligiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, talyp ýaşlaryň arasynda “Kitaphananyň usuly işleri” atly okuw sapagyny gurnady we söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşlige Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Ylmy-usuly bölüminiň kitaphanaçylary özleriniň alyp barýan işleri barada, usuly we usuly-bibliografiýa gollanmalary, ýazyjy-şahyrlaryň we tanymal şahsyýetleriň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan gollanmalary taýýarlaýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler we talyp ýaşlar bilen sorag-jogap alyşdylar. Şeýle gyzykly gürrüňdeşlikler talyp ýaşlarda zähmete bolan höwesleriniň artmagyna ýardam etdi. Soňra bolsa söhbetdeşlige gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde, kitaplary ýaş nesle ýetirmekde bimöçber aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.