logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

“Kitaphananyň usuly işleri” atly okuw sapagy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Kitaphana – rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagynyň “Kitaphananyň usuly işleri” atly okuw sapagy geçirildi. Gurnaga Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary gatnaşdylar.
Ylmy-usuly bölüm usuly we usuly-bibliografiýa gollanmalary taýýarlaýar we neşir edýär hem-de welaýat we jemagat kitaphanalaryna iberýär. Bu usuly gollanmalar kitaphana işine degişli, ýazyjy-şahyrlaryň we tanymal şahsyýetleriň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan, ýylyň şygary bilen bagly gollanmalardan we şu günki günüň wajyp meseleleri bolan ekologiýa, suw, daşky gurşawy goramak ýaly temalara bagyşlanan, medeni mirasymyza degişli gollanmalardan ybaratdygy hem-de bu usuly gollanmalaryň taýýarlanyşy, edebiýatlary ýygnamak we ýazylyş usuly barada giňişleýin gürrüň edilip, gurnagyň ahyrynda talyplar bilen kitaphana işi barada gyzykly sorag-jogap bäsleşik geçirildi. Şeýle gyzykly duşuşyklar talyp ýaşlaryň zähmete bolan höwesleriniň artmagyna ýardam edýär.