logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAP–KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde guramagynda «Kitap– kämilligiň gözbaşy» ady bilen göçme kitap sergi gurnaldy we aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler ýurdumyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Gökdere jülgesinde «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýörite çagalar üçin niýetlenip çap edilen kitaplar esasynda göçme kitap sergisi guralyp bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri we Türkmen halk ertekileri ýerleşdirilip, bu ýerde çagalar bilen sorag-jogaplar alyşdylar, bu bolsa halk döredijiliginiň iň meşhur ýörgünli görnüşi bolan ertekilerden bölekleri okap berdiler we Ata-babalarymyzyň paýhasy siňen, asyrlaryň dowamynda kämilleşip, nesilleriň edep mekdebine öwrülen ertekiler ýaşlary milli ruhy gymmatlyklar esasynda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedi barada belläp geçdiler.

Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalaryna, pederlerimiziň wesýetlerine wepaly bolmak bilen, köp okamaklygy endik edinmelidigini nygtap geçdiler we bagtyýar çagalar bu biziň ertirki güne ynamymyz, biziň geljege bolan bagtyýar garaýşymyzdygy we buýsanjymyzdygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda halkymyzy belent sepgitlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.