logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitaplar – bilimiň çeşmesidir

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi hem-de “Arkadag” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitaplar – bilimiň çeşmesidir” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler halkymyzyň iň ezizlän gymmatlyklarynyň biri kitapdyr, sebäbi ol dünýädäki iň uly, iň ähmiýetli hazynany – söz baýlygyny özünde jemleýär. Geçmişiň beýanyny, taryhyň kyssasyny, şu günüň habaryny, geljegiň maksatlaryny kitap gatlaryndan tapyp bolýar diýip, öz çykyşlarynda belläp geçdiler.

Kitap ynsanyň kalbyny tämizläp, aňyny durlaýar. Adam köp okamak bilen durmuşyň manysyna, özüniň we töweregindäkileriň ruhy dünýäsine düşünýär. Zehiniňi ýüze çykarmak üçin kitaby köp okamaly. Çeper ahlaky aňyýetli, ylymly, paýhasly, giň düşünjeli, täze garaýyşly nesliň kemala gelmeginde kitaphana ulgamy wajyp ähmiýete eýedir. Her bir kitap açylmadyk dünýädir, ajaýyp bir gymmatlykdyr.

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi hem-de “Arkadag” teleýaýlymy bilen bilelikde geçirilen “Kitaplar – bilimiň çeşmesidir” atly söhbetdeşlik oňa gatnaşan okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bize şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.