logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAPLAR DÜNÝÄSI-BILIMLER DÜNÝÄSI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde guramagynda «Kitaplar dünýäsi-bilimler dünýäsi» atly kitap sergisi we talyplaryň arasynda gürrüňdeşlik geçirildi.

Kitap sergimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserleri we birnäçe çeper eserler bilen kitap sergimizi gurnadyk. Sergide kitaplardan başga-da dürli ýyllarda neşir edilen «Medeniýet», «Miras», «Diýar», «Garagum», «Türkmen sporty» we beýleki žurnallarda türkmen hem rus dillerinde neşir edilen başga-da köp gyzykly maglumatlar görkezildi.

Çäräniň ahyrynda ylym-bilim öwrenmekde, medeniýetimizi, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.