logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANAÇYLAR BÄSLEŞDILER

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek hem-de ata Watanymyzyň hemme taraplaýyn ösüşlerini kitaphana işiniň we sanly ulgamyň üsti bilen, teleradioýaýlymlaryň, habar beri serişdeleriniň üsti bilen işjeň wagyz etmek, kitaphanalarda sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek, bütewi elektron ulgamynyň çygryny has-da giňeltmek, halkymyzyň bilim derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmek, şeýle-de kitaphanalaryň kamil iş tejribelerini ýurdymyzyň kitaphanalarynyň arasynda ýaýratmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ýurdumyzyň kitaphanalaryndan iň göreldeli, öňdebaryjy, işjeň wagyzçy kitaphana hünärmenini ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet Ministrliginiň 12.02.2025-nji ýyldaky №40-ö we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň 14.02.2024-nji ýyldaky №27-36g belgili Buýruk-Karary esasynda welaýatymyzyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda «Parahatdyr Watanym, eziz Türkmenistanym» atly welaýat jemleýji tapgyry guramaçylykly geçirildi.

Bäsleşikde I-nji orna-Türkmenabat şäheriniň Baş kitaphanaçysy Jennet Rozyýewa; II-nji orna–Çärjew etrabynyň Farap şäherçe kitaphanasynyň II derejeli kitaphanaçysy Saýara Röwşenowa; III-nji orna–Saýat etrabynyň Garabekewül şäher kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy Maýsa Amanowa mynasyp boldylar. I-II orna mynasyp bolanlar bäsleşigiň Döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.