logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPLAR DÜRLER HAZYNASY

2025-nji «Halkara–parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasyna, kitaphananyň 100 ýyllygy mynasybetli, amerikan ýazyjylarynyň çagalar üçin niýetlenen edebiýatynyň türkmen dilinde terjime edilen ýygyndylarynyň 100 sanysy kitaphananyň gaznasyna gowşuryldy. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesillerimizi halkymyzyň ynsanperwerlik, myhmansöýerlik däplerini ösdürmek bilen, ata-babalarymyzyň ruhunda terbiýelemäge, giň dünýägaraýyşly, çuň gözýetimli bolmagyna uly ýardam berýär. Häzirki wagtda Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynyň we onuň şahamçalarynyň kitap gaznasynda 93074 sany kitap bar. Kitap hazynamyza gelip gowuşýan dürli dildäki kitaplar bolsa, kitaphanamyza gelýän okyjylarymyzyň sanynyň artmagyna uly ýardam berýär.