logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitaplar kämillik mekdebidir

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 47-nji çagalar bakja-bagynda körpejeler bilen “Kitaplar kämillik mekdebidir” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekiler, tapmaçalar, nakyllar, ýaňyltmaçlar aýdylyp, täsirli gürrüňler geçirildi. Birnäçe ertekili kitaplar, tapmaçalar bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş gurnaldy. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri bilen çagalaryň arasynda labyzly okalan ertekilerden, tapmaçalardan sorag-jogap alşyldy. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgüni has-da artdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.