logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPLAR KÖŇÜLLERIŇ KÜÝSEGI

Lebap welaýat kitaphanasynda “Kitaplar köňülleriň küýsegi” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige saglyk ulgamynda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. Bu ýerde esasanam türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ensiklopedik kitaplarynda nygtaýşy ýaly, pederlerimiziň asyrlarboýy sünnäläp, türkmeniň milli gymmatlyklaryna öwrülen halk lukmançylygynda ulanulýan dermanlyk ösümlikler baradaky däp-dessurlary we dürli tärleri ylmy esasda öwrenip, türkmen topragynda ösýän 2000 müňden gowrak dermanlyk ösümlikler türkmen halk lukmançylygynda ulanylýandygy barada bellediler. Şeýle-de türkmen halkynyň saglygy ugrynda uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.