Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde «Kitaplar täsinlikler dünýäsi» ady bilen göçme kitap sergi gurnaldy we sowal-jogap bäsleşigi geçirildi.
Çärede çykyş edenler türkmen ýaşlarynyň bilimli, ylymly, giň dünýä garaýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak, olaryň dürli ugurlardan kämil bilim almaklary, döwrebap häzirki zaman maglumat tehnologiýalardan baş çykarmaklary we geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin mynasyp goşant goşmaklary, olarda kitaba bolan söýgüni döretmek we ösdürmek, watansöýüji, zähmetsöýer nesliň kemala gelmegi ugrunda uly mümkinçilikleriň döredilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de dynç alýan çagalaryň öz wagtlaryny täsirli, gyzykly ýatda galyjy wakalara beslenmegini gazanmak maksady bilen, türkmen halk döredijiliginiň dürli görnüşleri esasynda sowal-jogap bäsleşigi geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy.
Çäräniň ahyrynda geljegimiz bolan ýaş nesiller üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.