Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary “Kitaplar – terbiýäniň gözbaşy” atly gezelençde boldular.
Gezelenjiň çäklerinde talyp ýaşlary Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen tanyş boldular hem-de olar kitaphananyň ähli bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanyşdylar we öz gyzyklanýan soraglaryna jogap tapdylar.
Talyp ýaşlary kitap okamaga höweslendirmek we kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan gezelençde talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplaryny okadylar. Bu bolsa, bagtyýarlyk nuruna beslenen ata Watanymyzda kitaba we kitap okamak sungatyna aýratyn sarpa goýulýandygynyň subutnamasy boldy.
Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.