logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPLAR–TERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 45-nji çagalar bakja - bagynda “Kitaplar–terbiýäniň gözbaşy” ady bilen körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden çeper okaýyş geçirdiler we neşir önümlerinden kitap sergisini gurnadylar. Kitaphana işgärleri türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler we ertekileriň gahrymanlarynyň edermençiligi hakynda gürrüň etdiler. Kitap sergisinde ýerleşdirilen kitaplar bolsa körpejeleriň ünsüni özüne çekdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesillere uly üns berilýär. Bu günki gün olaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmaklyk üçin, watansöýüji, ene-atasyna wepaly bolup ýetişmekleri ugrunda kitaphanalarda hem köp işler alnyp barylýar. Parahat ýurdumyzda gelejegimiz bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işleri edýän türkmen halkymyzyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.