logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP–PÄHIM –PAÝHAS ÇYRAGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda «Kitap– pähim–paýhas çyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren birnäçe ajaýyp kitaplary gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup durýandygy, Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň biri hem «Türkmeniň döwletlilik ýörelgsi» atly kitaby hakynda söhbet etdiler. Bu kitabyň myhmansöýerlik diýen bölüminde myhmançylyk däp-dessurlary halkymyzyň zandyndaky häsiýetleriniň biri bolandygyny, her bir halkyň özboluşly myhman kabul etmek dessurlary bolup, myhman garşy alynanda ilki bilen töre geçirlip duz-çörek hödür edilmegi hem gadymy däpleriň biridigi barada gürrüň berdiler. Türkmençilikde «Taňry myhmany» diýen düşünje myhmana edilýän uly hormat-sylag bilen baglanşykly bolup, «Myhman ataňdan uly» diýip myhmana, ataňa goýýan hormatyň ýaly hormat goýmalydygy hakynda aýtdylýar. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize peşgeş beren edebi çeşmeleriniň gymmatynyň, onuň terbiýeçilik ähmiýetiniň örän ulydygy barada beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynada şeýle ajaýyp eserleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.