logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP–PÄHIM-PAÝHAS ÇYRAGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda «Kitap-pähim-paýhas çyragy» ady bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň gezelenji gurnaldy.

Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda gurnalan gezelençde ilki bilen talyplary kitaphana bilen içgin tanyşdyrylyp, kitaphananyň bölümleri, uly we kiçi ýaşly okyjylara hyzmat edilişi, kitaplaryň ýerleşdirilişi hakynda gürrüň berdiler. Kitaphanada bar bolan halk hazynasy matallaryň, tapmaçalaryň çeperçiligi, many-mazmuny, döreýşi, ýerine ýetirilişi hakynda we kitaphanalarda elektron kitaphana ulgamynyň döredilmegi, okyjylaryň sanynyň artmagyna, halkymyzyň neşir önümlerine, dürli habarlara bolan isleglerini çalt tizlik bilen tapyp, olaryň isleglerini kanagatlandyrmaga giň mümkinçilikleriň döredilendigi barada bellediler. Şeýle-de Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ylym-bilim, medeniýeti ösdürmek babatda beýik işleriň durmuşa geçirilýändigi, bu günki gün ýurdumyzyň dürli künjeginde hereket edýän döwrebap kitaphanalaryň gurulyp ulanylmaga berilendigi barada aýtdylar. Gezelenjiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alkyş sözlerini aýtdylar.