logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAP–RUHY BAÝLYGYŇ ÇEŞMESI

KITAP–RUHY BAÝLYGYŇ ÇEŞMESI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda dürli ýaşly okyjylaryň gelmeginde «Kitap–ruhy baýlygyň çeşmesi» atly gezelenç geçirildi.

Türkmen halkynyň owal-ahyrda iň ezizlän ruhy gymmatlyklarynyň biri kitap bolupdyr. Onuň täsiri dogrusynda-da aýdylýan tymsallar sanardan juda kän, sebäbi kitap dünýädäki iň uly ähmiýetli hazynany-sözbaýlygyny özünde jemleýär. Adamzat durmuşynyň beýanyny, taryhyny, şu günüň habaryny, geljegiň umytlaryny we maksatlaryny kitap gatlaryndan tapyp bilýäris. Şonuň üçin hem ylym-bilimiň, sowatlylygyň gözbaşy, paýhaslar ummanyny özünde jemleýän kitaby halkymyz dürler hazynasyna deňeýär. Kitap mähirli dostdur, şeýle hem adamzat durmuşy baradaky maglumatlaryň baý çeşmesidir.

Gezelenjiň ahyrynda ylym-bilimiň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.