Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda dürli ýaşly okyjylaryň gelmeginde «Kitap–ruhy hazyna» atly gezelenç geçirildi.
Merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan kitap baradaky nakyllardan, dana pähimlerden görnüşi ýaly, kitap–bu geçeni, geljegi öwredýän danadyr, kitap ynsanyň aklyny goýaldyjy dosty, mugallymy, ýolbeledi, onuň baky hemrasydyr. Kitaby söýmek, oňa sarpa goýmak biziň milli ýörelgämizdir. Geçmişden mälim bolşy ýaly, öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkymyz taryhyň ähli döwürlerinde biziň ruhy-medeni gymmatlarymyza, paýhas hazynamyz bolan kitaplarymyza uly hormat goýupdyrlar. Guba düýesini bir kitaba çalşan ata-babalarymyzyň bolandygy, olaryň kitaba bolan söýgüsiniň beýikdigini subut edýär.
Gezelenjiň ahyrynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynyň, kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi babatda hem giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.