Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sergi merkezinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň kitaphanalarynyň işiniň möhüm wezipeleri» atly geçirilen okuw usulyýet maslahatyna gatnaşdy. Türkmen halky gadymdan bäri kitaba gadyr-gymmat goýup gelýär. Halkyň ruhy gymmatlyklaryny geljek nesillere ýetirmekde kitaphana ulgamynyň işgärlerine uly orun degişlidir. Häzirki döwürde kitaba söýgi has-da artýar. Munuň şeýledigini kitaphana gelýän okyjylaryň sanynyň artýandygyndan hem bilip bolýar. Sebäbi kitap adamyň iň ýakyn dosty, onuň üsti bilen durmuşyň kän sowallaryna jogap tapmak bolýar. Bular dogrusynda kitaphana hünärmenleriň «Altyn asyr» hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynda beren buýsançly gürrüňlerinde hem giňişleýin beýan edildi. Kitaphana işini ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän, döwlet galamynda çykýan dürdäne eserleri bilen halkymyzyň alkyşyna mynasyp bolýan Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi.