logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«KOMPOZITOR» ATLY FILM TÜRKSOY TARAPYNDAN ÝÖRITE BAÝRAKLARA MYNASYP BOLDY

«Kompozitor» atly çeper film 2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäginde, Ankara şäherindäki Ýaşar Kemal adyndaky Medeniýet merkezinde görkezildi hem-de baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Kino eserleriniň saz bezegi ugrunda gazanylan ýokary üstünlikler üçin kompozitor Kerim Berdimuhamedow «Ganatly altyn bedew» atly ýörite baýrak bilen sylaglandy. Onuň işi kino pudagynyň hünärmenleri, tankytçylary we halkara medeni jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.

Şeýle hem, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň filme goşan uly goşandy aýratyn bellenildi. Gazna «Uly ganatly laçyn» baýragy bilen sylaglandy.

Dabarada jemgyýetçilik guramalarynyň milli medeniýeti we sungaty ösdürmekdäki, zehinli kinorežissýorlary goldamakdaky möhüm ornuna aýratyn üns çekildi.

Baýrak gowşurylyş dabarasyny TÜRKSOY guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew alyp bardy hem-de baýraklary filmiň döredijilerine we hyzmatdaşlaryna gowşurdy. Türkmen tarapyndan baýraklary Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamuradow kabul etdi.

Öz çykyşynda ministr türkmen kino işgärleriniň zähmetine berlen ýokary baha üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli kinematografiýanyň ösdürilmegine berilýän goldaw aýratyn bellenildi.

Baýrak gowşurylyş dabarasy häzirki zaman türkmen kinosynyň milli däpleri we medeni gymmatlyklary gorap saklamak bilen bir hatarda, halkara medeni giňişlige işjeň goşulýandygyny hem-de dünýä kinematografiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşýandygyny görkezdi.