logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kompozitor Rejep Allaýarowyň döredijiliginiň häsiýetnamasy (halypanyň şanly 90 ýyl ýubileýine bagyşlanýar)

Türkmenistanyň halk artisti, Ýaşlar baýragynyň eýesi, ýiti zehinli kompozitor, professor Rejep Allaýarow türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň orta nesline degişlidir. Ol özboluşly döredijilik aýratynlygyna eýe bolan ussat hökmünde 1970-nji ýyllaryň başlarynda kompozitorlar birleşiginiň döredijilik ulgamyna gelýär. Öz eserlerinde möhüm ahlak meselelerine üns bermegi kompozitoryň hakykata filosofik garaýyşlary bilen baglanyşyklydyr. Şol sebäpli hem onuň eserlerindäki keşpler ýiti täsir edijidir.
Ol öz döredijiliginde türkmen halk sazyny häzirki zaman kompozitorçylyk ýazuwynyň dürli usullary, gurluşlary, kakuwlary we sazlaşyklary bilen baglanyşdyrýar. Kompozitor skripka we orkestr üçin konsert-poemasynda, kamera orkestri üçin simfoniýasynda, R.Tagoryň goşgularyna oratoriýasynda, wiolonçel we orkestr üçin konsertinde, A.Atabaýewiň goşgusyna solistler, garyşyk hor we simfoniki orkestri üçin “Türkmenistan – ata mekan” atly odasynda, Garajaoglanyň we Nesiminiň goşgularyna wokal toplumynda özüniň döredijilik oý-pikirlerini beýan etmek üçin täze saz gurluşlary we täze beýan ediş serişdelerini oýlap tapýar. R.Allaýarow türkmen simfonismiň täze şahasynyň düýbüni tutujysydyr.
R.Allaýarow sazanda hünärini saýlap almaklyga adaty bolmadyk ýol bilen gelýär – Daşoguzyň mugallymçylyk institutynyň fizika-matematika fakultetini tamamlandan soň we mekdep mugallymy bolup işländen soň, Türkmen döwlet sazçylyk uçilişesiniň hor-dirižýory bölümine okuwa girýär. Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynda kompozisiýa hünäri boýunça (1969-njy ýyl, Şnitkäniň synpy) we Azerbaýjan döwlet konserwatoriýasynda (1976-njy ýyl, professor K.Karaýewiň synpynda assistentura-stažirowka) saz ugrundan alan düýpli bilimi, Gündogaryň milli mirasyna we medeniýetleriniň irginsizlik we çuňňurlyk bilen aralaşmagy, saz diliniň täze beýan ediş serişdeleri boýunça hemişe gözlegde bolmagy kompozitoryň aýdyň şahsyýetiniň kemala gelmeginiň düýp esasy bolup durýar.
R.Allaýarow estetiki we çeperçilik gözýetimleri öňki Jamy, Nyzamy,Saady, Faraby, Hafiz, Haýýam çaly ägirtleriň, gadymy Gresiýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň sungatynyň çuňňur adamsöýüjilikli ideýalarynyň täsiri astynda kemala gelýärler. Türkmen eposy, klassikleriniň şygyrýeti, edebiýatyň we sungatyň häzirki zaman ussatlarynyň eserleri kompozitoryň saz ugrundan gözýetiminiň iň bir gymmatly bölekleri bolup durýar. Umumadamzat gymmatlyklarynyň we ajaýyplygynyň mizemez kanunlarynyň tassyklanmagy, adamyň we ony gurşap alýan dünýäniň gatnaşyklarynyň çylşyrymlylygy baradaky filosofiki pikir ýöretmeler kompozitoryň uly göwrümli eserleriniň we kamera-instrumental sazynyň, şol sanda “Nesiminiň ýadygärligine elegiki sazyň”, “Gadymy galanyň owazlary” eserleriniň keşp mazmunyny düzýärler. R.Allaýarowyň sazy “Ýow bagşy”, “Agyr ýük”, “Türkmen atlary” ýaly kinolentanyň we beýleki gysgametražly çeper filmleriň, “Riçard III”, “Jadyly nagyşlar”, “Leýli we Mejnun”, “Türkmennnama”, “Nesimi” we beýleki drama spektakllarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Kompozitoryň eserleri Amerikada, Fransiýada, Türkiýede we beýleki ýurtlarda ýaňlanýarlar, türkmen sazandalarynyň repertuarlaryna girýärler.
R.Allaýarow döredijiligine häzirki zaman kompozitorlaryň – Lütoslawskiýniň, Penderetskiýniň, Şnitkeniň, K.Karaýewiň eserleri uly öndürijilikli täsir edýärler. Ýöne awtoryň stili örän özboluşlydyr hem çylşyrymlydyr. Onuň eserleri çuň filosofiki hem ähmiýetli. Ol öz döredijiliginden baky hemişeki filosofiki soraglara ýüzlenýär: adam we ykbal, söýgi we ölüm, ynsan we durmuşyň manyly maksady, ruhubelentli, çuň manyly durmuş hakynda oý pikirler. Ol dürli temalara ýüzlenýär. Olaryň hemmesini Watana bolan söýgi birikdirýär.

Gülbahar ÝAZMÄMMEDOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy