Ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerine syýahatçylary çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da netijeli bolmagyny gazanmak hem-de içerki syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň bilelikde guramagynda, 2026-njy ýylyň 28-30-njy awgusty aralygynda Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Köneürgenç” taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlaryna içerki syýahatçylyk gezelenji guraldy.

Syýahatçylyk gezelenjine Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Köneürgenç etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary şeýle hem, “Medeniýet we syýahat” žurnalynyň işgärleri gatnaşdylar.
Syýahatyň dowamynda syýahatçylara Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň garamagyndaky “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmeni taryhy hem-de medeni ýadygärlikleriň taryhy we ähmiýeti barada baý maglumatly gürrüňleri berdi. Şeýle hem, bu syýahat gezelenji “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.