Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýoluna aýratyn hormat goýulýar. Ýaş nesliň kämil sungat ussatlary bolup ýetişmekleri üçin uly şertler döredilýär. Ynha, şeýle maksatlary göz öňünde tutup, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Konserwatoriýa uçurymlaryny çagyrýar” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu gezekki geçirilen döredijilik duşuşygynyň myhmany “Türkmengaz” döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň halk saz gurallary ansamblynyň bagşysy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Döwletgeldi Durdyýew.
Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Döwletgeldi Durdyýew 1976-njy ýylda Bäherden etrabynyň Arçman obasynda dünýä inýär. Heniz çaga wagty onuň maşgalasy Daşoguz şäherine göçýär. Daşoguz şäherindäki çagalar sungat mekdebine gatnap, halypa bagşy sungat ýoluna gadam basýar. Soňra Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky sungat mekdebine okuwa girýär. Okan döwri ussat halypalardan bagşyçylyk sungatynyň inçe syrlaryny öwrenip, 1993-nji ýylda geçirilen “Ýaňlan diýarym” telebäsleşiginiň ýeňijisi bolýar. 1995-nji ýylda bolsa hünärini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girýär. Bu ýerde ussat halypalar Akmyrat Çaryýew, Ýolaman Nurymow ýaly halypalardan sapak alýar.
Häzirki wagtda özi halypalyga ýetişen ussat bagşy Döwletgeldi Durdyýew bu günki geçirilen duşuşykda birnäçe aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirdi. Olardan : türkmen halk aýdymy “Ýar-ýar”, “Ýigitlik çagy”, “Oýanmaz, “Şasenem-Garyp” dessanyndan “Ýar bolaýyn”, “Döker ganymy”, “Gül-Bilbil” dessanyndan “Ýetişdi” aýdymlaryny görkezmek bolar. Şeýle-de “Görogly” dessanyndan bir parçany ýerine ýetirdi.
Bu günki geçirilen döredijilik duşuşygy örän gyzyklylygy bilen tapawutlandy we talyp ýaşlaryň sungata bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy.
Ýurdumyzda şular ýaly halypalar bilen döredijilik duşuşygyny geçirmäge, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmäge, türkmen sungatyny dünýä ýaýmaga döredilip berilýän aýratyn şertler we giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.
Aýläle Gulmuradowa
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa» hünäriniň II ýyl talyby