logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KONSERWATORIÝANYŇ ZEHINLERI – 2026

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany’’ ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okaýan talyplaryň arasynda ýerine ýetirijilik, dirižýorlyk etmek, sazşynaslyk we kompozisiýa ugurlary boýunça “Konserwatoriýanyň zehinleri – 2026” atly bäsleşik geçirildi. Geçirilen bu bäsleşigiň esasy maksady ýurdumyzyň saz sungatyna höwesli, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça döredijilige höweslendirmek hem-de zehinli sazandalaryň professional derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar. Bäsleşigiň açylyş dabarasy bije çekmeklik arkaly badalga berildi. Çekeleşikli geçen bäsleşik 2 tapgyrdan ybarat boldy. Eminler toparynyň netijesi esasynda 1-nji tapgyrda saýlanan talyplar 2-nji tapgyra gatnaşmaga mümkinçilik gazandylar we olaryň içinden iň ökdeleri “KONSERWATORIÝANYŇ ZEHINLERI – 2026” atly bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Bäsleşige jemi 278 talyp gatnaşyp, olardan I orna 12 sany, II orna 18 sany, III orna 23 sany, hormat hatyna 32 sany zehinli talyplar mynasyp boldular. Bäsleşik ýeňijilere diplomlar, hormat hatlar hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlarynyň gowşurylmagy bilen jemlendi. Bäsleşige gatnaşyjylar öz zehinlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen döredilip berilýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.
Türkmen halkynyň hak howandarlary Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaçly ýollarda rowana bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Aýna ÇARYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby