logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«KONSERWATORIÝANYŇ ZEHINLI ÝAŞLARY» ATLY SAZ FESTIWALY ÝAŞ MUGALLYMLARYŇ ARASYNDA

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» atly saz festiwaly dowam edýär. Ýakynda hem “Saz mugallymy” kafedrasynyň mugallym- öwreniji Suraý Kubyýewanyň ýekelikdäki konserti geçirildi. Konserte Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlary we halypa mugallymlary gatnaşdylar. Konsert mugallymynyň ýerine ýetirmeginde, Maýa Beýmanowanyň sazandarlyk etmeginde operalaryň ariýalary J.Puççini “Turandot” operasyndan Liunyň ariýasy, J.Werdi “Bal-Maskarad” operasyndan Oskaryň aýdymy bilen başlandy.

Festiwalyň çäginde geçirilýän konsertiň dowamynda özüniň mylaýym sesi, owazy bilen türkmen aýdymlary R.Gutlyýewiň sazyna, Mollanepesiň sözlerine “Gitdim”, “Galmanam” türkmen halk aýdymyny, N.Halmämmedowyň sazyna, Mollanepesiň sözlerine “Tilden uýalar”, A.Esedowyň sazyna, T.Gurbanowyň sözlerine “Armanly”, K.Annanepesowyň sazyna, A.Annadurdyýewiň sözlerine “Haly dokaýan läläm”, Ç.Nurymowyň sazyna, I.Nuryýewiň sözlerine “Duşurmazmy” aýdymlaryny birkemsiz ýerine ýetirip, dabara gatnaşýanlarda uly hyjuw, ylham döretdi. Konsertde diňe bir fortepiano saz guralynyň sazandarlyk etmeginde däl-de, eýsem, Mergen Astanowyň türkmeniň dutar saz guralynda sazandarlyk etmeginde “Parahatlyk guşy” atly ajaýyp aýdymy konsertiň soňunda örän täsirli ýerine ýetirilip, şowly tamamlandy.

Şeýle ajaýyp konsertleriň, saz festiwallarynyň, bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi biz ýaşlaryň zehinlerini kämilleşdirmäge, höweslerini has-da artdyrmaga uly itergi berýär. Bize şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin.


Arzuw AŞIROWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 4-nji ýyl talyby