Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlar barada uly tagallalary edýärler.
Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” saz festiwalynyň çäklerinde “Halk saz gurallary” kafedrasynyň mugallymlary Rahymberdi Hojageldiýewiň we Baýramgül Amangeldiýewanyň hem-de “Türkmen sazy” kafedrasynyň mugallymy Dursun Täçnepesowanyň bilelikdäki konserti geçirildi.
Saz festiwalynyň çägindäki konsertda “Halk saz gurallary” kafedrasynyň mugallymy Rahymberdi Hojageldiýew meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň “Dutaryň owazy” eseri bilen çykyşyny başlady. Soňra daşary ýurt kompozitorlarynyň P.Sarasate “Sygan heňleri”, A.Piazzolla-Wladimir Zykin “Libertango” eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýerine ýetirdi.
Onuň yzysüre “Halk saz gurallary” kafedrasynyň mugallymy Baýramgül Amangeldiýewa daşary ýurt kompozitorlarynyň A.Wiwaldi “Ýyl pasyllary” “Tomus” II,III bölümler, Ts. Oganesýan “Fantaziýa” №1, A.Byzow “Sha Shtil” eserlerini örän täsirli ýerine ýetirdi we tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Soňra konserti “Türkmen sazy” kafedrasynyň mugallymy Dursun Täçnepesowa dowam etdirdi. Ol türkmen halk sazy “Nergiz”, “Kerem geldi” eserleri bilen çykyş etdi. Bu täsirli çykyşyndan soňra türkmen kompozitorlary G.Kulyýew we S.Mämiýewiň “Baýramçylyk konserti” eserini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.
Konsertiň jemleýji çykyşyny “Halk saz gurallary” kafedrasynyň mugallymlary Rahymberdi Hojageldiýewiň we Baýramgül Amangeldiýewanyň hem-de “Türkmen sazy” kafedrasynyň mugallymy Dursun Täçnepesowanyň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde daşary ýurt kompozitory W. Monti “Çardaş” eseri ýaňlandy. Bu çykyş tomaşaçylarda ýakymly ýatlamalary galdyrdy.
Konsertiň dowamynda “Halk saz gurallary” kafedrasynyň mugallymy Maýagözel Nazarowa, “Türkmen sazy” kafedrasynyň mugallymy Amanjahan Rejepowa sazandarlyk etdiler.
Konsert tamamlanandan soňra konserta gatnaşan tomaşaçylar çykyş eden mugallymlara gül çemenlerini gowşurdylar we ýadygärlik surata düşdiler.
Osman SAPARGELDIÝEW
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk sazy» fakultetiniň V ýyl talyby