Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener –tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Konstitusiýa baky bagtym, ýaşyl baýdak–täji tagtym» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarymyzyň kämilleşmegi jemgyýetdäki durmuş ykdysady özgerişlikler bilen utgaşyp ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň kepili bolup, häzirki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün edýändigini, Döwlet baýdagymyzyň parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, ösüşiň we döredijiligiň nyşany hökmünde tanalýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kämilleşýän jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni ösüşlerini üpjün edýän, raýatlaryň hukuklary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, durmuş hem-de zähmet üpjünçilik kanunlary esasynda berk kepillendirilýändigi barada belläp geçdiler.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary Watanymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.