logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KONSTITUSIÝA, DÖWLET BAÝDAGY DÖWLETLILIGIŇ WE ÖZYGTYÝARLYLYGYŇ NYŞANLARY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Konstitusiýa, Döwlet baýdagy döwletliligiň we özygtyýarlylygyň nyşanlary» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmeniň ýaşyl ýazlary kimin owadan Tugy başymyzyň täjine deňeýän mukaddes Watanymyzyň özygtyýarlylygy, halkymyzyň belent buýsanjynyň beýanydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de esasy Kanunymyz döwletiň gurluşyny, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny beýan edýän parahatçylygy alamatlandyrýan Döwlet baýdagymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny hemişelik Bitaraplygyny kesgitleýän esasy döwlet nyşanlarynyň biridigini, ol milletimiziň agzybirligini, mertebesini, Watanymyzyň baý taryhyny, bagtyýar şu gününi we nurana geljegini alamatlandyrýandygyny nygtap geçdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.