logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Konstitusiýa, Döwlet baýdagy döwletliligiň we özygtyýarlylygyň nyşany

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 4-nji orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Konstitusiýa, Döwlet baýdagy döwletliligiň we özygtyýarlylygyň nyşany” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarymyzyň kämilleşmegi jemgyýetdäki durmuş ykdysady özgerişlikler bilen utgaşyp, ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň kepili bolup, häzirki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün edýändigini, Döwlet baýdagymyz parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, ösüşiň we döredijiligiň nyşany hökmünde tanalýandygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylary Döwlet Baýdagymyzy, ýurdumyzy wasp edýän birnäçe goşgulary ýerine ýetirdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň parahatlygy, asudalygy halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.