logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Konstitusiýa hem Baýdak - milli döwletliligiň binýady

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýat Kärdeşler arkalaşyklarynyň bilelikde gurnamaklarynda “Konstitusiýa hem Baýdak - milli döwletliligiň binýady” atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň mejlisiniň deputatlary, saglyk, bilim, kitaphana işgärleri, kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalary, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagymyz döwletimiziň abadançylygynyň, il-günümiziň bagtyýarlygynyň kepili bolup durýar. Özygtyýarly, baky berkarar Watanymyzda başlarymyzyň täjine deňeýän bu mukaddesliklerimiziň gününiň goşa şanly sene hökmünde uludan bellenilmegi halkymyzyň abadan, asuda durmuşa bolan söýgüsini, şanly ösüşlere, düýpli özgerişliklere bolan ynamyny alamatlandyrýar. Bu gün Türkmenistanyň Döwlet baýdagyб biziň hemmämiz üçin türkmen halkynyň Watanymyzyň garaşsyzlygy bilen bagly köpasyrlyk arzuwynyň amala aşmagynyň nyşany bolup durýar. Hut şonuň üçinem biziň her birimiz Esasy Kanunymyzyň we Döwlet Baýdagymyzyň gününe mähriban halkymyzda belent watansöýüjilik duýgusyny terbiýeleýän, raýatlarymyzy jebisleşdirýän hem-de döredijilik güýjüne ruhlandyrýan milli baýram hökmünde aýratyn sarpa goýýarys diýip uly buýsanç bilen çykyşlarda bellenildi. Asuda ýurdumyzda abadan ýaşamak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.