«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ajaýyp ýylymyzda toýdur-baýramlar goşa-goşadan gelýär. Goşalanyp gelýän baýramlar bagtyýar halkymyzyň her biriniň göwün guşuny ganatlandyrýar. Demokratik hukuk we dünýewi döwletimizde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet Baýdagynyň döredilmeginiň 33 ýyllygy diýarymyzyň çar ýanyny toý lybasyna besläp, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda» bellenilýän joşgunly çäreleriň üstüni ýetirdi. Goşa mukaddesligiň şanyna Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bilelikde gurnamagynda «Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir» atly dabaraly maslahat geçirildi. Uly ruhubelentlikde ýokary guramaçylykda geçirilen maslahatyň dowamynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi tarapyndan «Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir» atly wagtlaýyn sergi gurnaldy. Bu gurnalan wagtlaýyn sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan taryhy gymmatlyklarymyzyň birnäçesi görkezildi.
Sergide ýerleşdirilen taryhy gymmatlyklarymyz, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň baý medeni ruhy hem milli mirasyny şöhlelendirýän muzeý gymmatlyklary öz beýanyny tapdy. Diýseň köp adamly bolan bu sergi täsirligi bilen tapawutlandy. Serginiň dowamynda oňa gatnaşyjylar asuda, parahat, eşretli zamanada ýaşamaga, okamaga, döredijilikli zähmet çekmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin parahatçylygyň beýik taglymatçysy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyşlaryny sagbolsunlaryny beýan etdiler.