Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk Medeniýet köşgi hem-de 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – Watanymyzyň mukaddes nyşanlary” ady bilen Bagtyýarlyk Medeniýet köşgünde aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.
Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň her ýylyň 18-nji maýynda uly baýram edilip bir günde bellenilmegi ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýýandygy, bu iki mukaddeslik halky parahat durmuşda, bagtyýar ýaşaýşa, döredijilikli zähmete ruhlandyrýan buýsanç çeşmesidigi, esasy Kanunymyz Türkmenistan döwletiniň emele gelmeginiň hukuk esasyny düzýän bolsa, Döwlet baýdagymyz türkmen halkynyň agzybirligini, Garaşsyzlygyny we döwlet Bitaraplygyny alamatlandyrýandygy barada gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda baýramçylyga bagyşlanyp kitap sergisi gurnaldy we 7-nji çagalar sungat mekdebiniň çagalarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy gülledip ösdürmekde uly işler alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.