logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Konstitusiýa we Döwlet baýdagy - Watanymyzyň mukaddes nyşanlary

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Konstitusiýa we Döwlet baýdagy - Watanymyzyň mukaddes nyşanlary” atly dabara geçirdi. Dabara dürli ugurlarda zähmet çekýän myhmanlarymyz we okyjylarymyz, kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bellenilýän bu goşa sene halkymyzyň durmuşynda aýratyn uly ähmiýete eýedir. Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr. Ine şular dogrusynda dabara gatnaşyjylar täsirli çykyş etdiler, şahyrlarymyz goşa baýramçylyk mynasybetli şygyrlaryndan okap berdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň abadan, asuda ýurtda ýaşap, zähmet çekmekleri ugrunda alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.