Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Konstitusiýa–döwletiň mizemez binýady» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatyň nyşany bolup türkmen halky Döwlet baýdagyny gözüniň göreji, başynyň täji hasaplaýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle-de ýurdumyzda buýsançly pasyrdaýan ýaşyl tugy halkymyzyň Garaşsyz döwlet barada asyrlarboýy eden arzuwynyň amala aşmagynyň nyşany bolmak bilen çäklenmän, eýsem, biziň aňymyzda watançylygyň beýik ruhuny, häzirki wagtda özüniň ajaýyp geljegini gurýan halkymyzyň ruhubelentliklerini berkarar edýän milli mukaddeslik bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.