logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KÖP OKAN KÖP BILER

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýaş nesilleri ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmek, olaryň dünýä ylymlaryna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmak, esasy üns merkezine öwrüldi. “Türkmenistanda kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” kabul edilmegi ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işlerini kämilleşdirmek, kitaphana işinde täze özgertmeleri durmuşa geçirmek bu ugurda zähmet çekýän her bir kitaphana işgärleriniň öňünde uly borç bolup durýar.
Şol maksatlar bilen, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi Aşgabat şäherinde ýerleşýän 28-nji çagalar bagynda “Köp okan köp biler” ady bilen körpejeleriň arasynda sesli okaýyş çäresi hem-de söhbetdeşlik geçirildi we kitap sergisi gurnaldy. Çäräniň dowamynda kitaphana işgärleri ýaş nesilleriň arasynda watansöýüjilik, edep-terbiýe hakynda, kitaba bolan söýgi temasynda giňişleýin wagyz etdiler. Kitap sergisindäki ýerleşdirilen kitaplar bolsa körpejeleriň ünsüni özüne çekdi.
Guralan söhbetdeşligiň ahyrynda, bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.