Golaýda paýtagtymyzda geçirilen Koreý medeniýetiniň hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda dostlukly ýurduň tans toparynyň çykyşy guraldy. Koreý tans sungatynyň dürdäne nusgalaryny özünde jemlän konsert maksatnamasy türkmen tomaşaçylarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Ajaýyp çykyşlar iki ýurduň medeni gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Koreýaly sungat ussatlary çykyşlarynda dost-doganlygyň waspyny ýetirdiler.
Koreý tansçylarynyň täsin hereketleri, milli lybaslary, bezeg serişdeleri, saz hem-de horeografik kompozisiýasy özboluşly sazlaşygy emele getirdi. Şeýle joşgunly çykyşlar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy.
«Arkaç» söwda-dynç alyş merkeziniň ajaýyp binasynyň giň zalynda guralan koreý medeniýetiniň tanyşdyryş sergisi toý dabarasyny ýada saldy.
Koreýaly sungat ussatlary halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde meýilleşdirilen medeni çäreleri guramaçylykly geçirmäge döredilen giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.