logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Koreýada ýaňlanan owazlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz dünýä döwletleri bilen dostlukly medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, daşary ýurtlarda iri medeni çäreleriň, Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, şeýle hem, dünýä döwletleriniň Türkmenistanda Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmegi, dünýä halklarynyň arasynda dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär. Häzirki döwürde Koreýa Respublikasy bilen medeni gatnaşyklarymyz yzygiderli ösdürilip, täze derejelere çykarylýar.

2026-njy ýylyň 16-18-nji iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynyň Gwanjou we Seul şäherlerinde «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» dostluk assosiasiýasy tarapyndan Koreýa Respublikasynyň dostluk günleriniň çäginde geçirilen «Beýik Ýüpek ýoluna Arirang arkaly medeni syýahat» çärelerine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi, uly mugallymy Begenç Gaýypow hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrap medeniýet merkeziniň tans toparynyň artisti Arslan Jumaýew gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Olara Koreýa Respublikasynyň Milli Aziýa Medeniýet merkezi tarapyndan ajaýyp çykyş ussatlygy hem-de Koreýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň ösüşine goşant goşandyklary üçin Ýadygärlik baýragynyň gowşurylmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen medeniýetiniň we sungatynyň dünýä ýaýylýandygynyň aýdyň ykrarnamasydyr.

Bu ajaýyp çärelerde ýaňlanan hoş owazly aýdym-sazlarymyz tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyp, köpöwüşginli sungatymyz olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň gülläp ösmegi hem-de dünýäde dabaralanmagy ugrundaky uly goldaw-hemaýatlary üçin, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe uly üstünliklere beslensin.