logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Körpeler üçin ertekileriň ähmiýeti

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 115-nji çagalar bagynda «Körpeler üçin ertekileriň ähmiýeti» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde asuda we parahat ýurdumyzda çagalaryň döwlet tarapyndan bimöçber aladalar bilen has jebis gurşalýandygyny, çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalarda türkmen halk ertekileriniň ähmiýetini has içgin düşündirilip, ertekileriň çaga terbiýesine çuňňur täsir etmäge ukybynyň bardygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň hoşgylawlylyk, sadalyk, dogruçyllyk, edep-ekramlylyk, dost-doganlyk, agzybirlik, ruhubelentlik, halallyk, ýagşylyk, ugurtapyjylyk ýaly sypatlaryň ählisi jemlenendigi hakynda aýratyn belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesiller üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.