Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäherindäki 74-nji çagalar bagynda «Körpeleriň kitaba bolan söýgüsi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde körpeje nesillerimize gyzykly ertekili kitaplaryň birnäçe görnüşlerinden eper okap berdiler we ondaky gahrymanlaryň sypatlary hakynda sorag-jogap alyşdylar. Şeýle-de kitaplaryň çaga terbiýesinde ähmiýetiniň ulydygyny, olaryň pikirleniş ukyplarynyň, söz baýlygynyň we döredijilik başarnyklarynyň ösmegine ýardam berýändigi dogrusynda gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz hakyndaky atalyk aladalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.