logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

LEBAP WELAÝAT KITAPHANASYNA TÄZE KITAPLAR GELIP GOWUŞDY

LEBAP WELAÝAT KITAPHANASYNA TÄZE KITAPLAR GELIP GOWUŞDY

Golaýda welaýat kitaphanasyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan we “Galkynyş” kitap merkezinden täze kitaplar gelip gowuşdy. Kitaplaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar watanyň daýanjy” atly kitabynyň iňlis we rus dillerinde, “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly kitabynyň iňlis, türkmen, rus dillerinde umumy 1650 sany gelen kitaplary welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip kitap gaznasyna tabşyryldy we dessine şäher, etrap kitaphanalaryna paýlanyldy. Kitaplar baradaky maglumatlary kitaphanamyzyň elektron katalogynda, elepbiý we pudaklaýyn kataloklarynda hem ýerleşdirildi. Biziň kämil jemgyýetde döwrerap ýaşamagymyz, zähmet çekmegimiz, ýaş nesle kitaplary mynasyp wagyz etmegimiz üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etýäris.