Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilik taglymaty bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz bedew bady bilen barha öňe barýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynyň her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýär.
Baýramçylyklar mynasybetli dürli medeni çärelere we dabaralara uly orun berilýär. Şeýle konsertleriň biri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň kamera horunyň konserti geçirildi. Bu aýdym-sazly agşam diňe bir sungat dabarasy bolman, eýsem, aýdym-saz dili bilen dabaralanýan ylmy-medeni çärä öwrüldi.
Milli saz sungatymyzyň hazynasy bolan türkmen kompozitorlarynyň täzeçe äheňli eserleri, dünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan, kalplary heýjana salýan aýdymlar ýaňlandy. Konsertiň başynda türkmen professional saz sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, Türkmenistanyň halk artisti W.Muhadowyň sazyny hor üçin täzeden işlän D.Sahatowyň “Söýgülim gelýär” eseri gyzlar tarapyndan ýerine ýetirildi. Kinofilm sazlarynyň nusgalary hem dabaranyň bezegine öwrüldi. R.Wildanowyň “Alowly ýollar” kinofilmi üçin ýazan “Elegiýa” eseri özboluşly öwüşginde ýaňlandy. Soňra beýik rus kompozitory P.Çaýkowskiýiň “Noçewala tuçka zolotaýa”, Awstriýaly kompozitor F.Şubertiň sazyny hor üçin täzeden işlän S.Strokiniň “Serenada”, häzirki zaman türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň düýbüni tutujylaryň biri S.Tüýliýewiň “Ýaşaýşa söýgi”, gyzlar toparynyň ýerine ýetirmeginde bolsa P.Çesnakowyň “Zelýonyý şum”, D.Nuryýewiň “Çal dutarym” eserleri diňlendi.
Türkmenistanyň halk artisti, ýiti zehinli kompozitor R.Allaýarowyň “Leýli saç” eserini aýdymçylar A.Hemraýew we III ýyl talyby Ö.Nepesowa, tanymal kompozitor B.Umitjanowyň “Eý, sanam” A.Hemraýew hor topary bilen bilelikde ýerine ýetirdiler. Hor topary bilen A.Hemraýewiň ýerine ýetiren A.Bäşimowyň “Mähriban Watan” aýdymy konsertiň jemleýji eseri boldy.
Saz agşamynda ýaňlanan eserler diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Konsert medeni gatnaşyklaryň saz sungatyndaky dabaralanmasyna öwrüldi. Konsertiň dowamynda kamera horunyň ýerine ýetirilen eserlerine Türkmenistanyň halk artisti Bäşim Berdiýew dirižýorlyk etdi we oňa Aziza Arslanowa sazandarlyk etdi.
Şeýle döredijilikli çäreler talyplaryň hor we wokal sungatynyň inçe tärlerini özleşdirmekleri we dünýä saz mirasyna bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekleri üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň ýokary derejede bilim almaklary üçin döredilip berilýän ähli mümkinçiliklerine Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar. Bize baky bagtyýarlygy, eşretli zamanany, parahat durmuşy peşgeş beren, halkyny kalbynyň töründe ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan alyp işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ogulbeg ÝEGENOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby