«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly» mynasybetli ýurdumyzda medeni-köpçülikleýin çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlaryndaky Medeniýet öýleriniň we medeniýet merkezleriniň işini kämilleşdirmek, oba ilatyna medeni taýdan hyzmat etmek, oba ýaşaýjylarynyň dynç alyş wagtlaryny täsirli geçirmek maksady bilen, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň 25-26-njy martynda Lebap welaýatynda geçirilen aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary hem örän täsirli we gyzykly boldy.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher, Dänew etrap we Sakar şäher medeniýet öýlerinde geçirilen duşuşyklarda «Türkmen dünýäsi» gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejebow, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň Lebap welaýaty boýunça habarçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Agamyrat Soltanow, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň 1-nji derejeli drama artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Myrat Orazmuhammedow, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Azat Didarow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň ýokary derejeli artist-wokalisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çynar Jumaýewa, Dänew etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Akmyrat Jumaýew dagy çykyş etdiler. Aýdymçylaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlaryny, şahyrlarymyzyň okan goşgularyny, wäşileriň degişme sahnalaryny tomaşaçylar şowhunly garşyladylar.
Döredijilik duşuşyklarynda edilen çykyşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda medeniýeti we sungaty ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ösüşleriniň jemgyýetimiziň döredijilik kuwwatyny artdyrýandygy, watandaşlarymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýandygy, ýaş nesilleriň medeni-ruhy gymmatlyklaryna söýgi döredýändigi buýsançly nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde häzirki döwürde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmek, kämilleşdirmek üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini, başarnygyny kämilleşdirmek, döwrebap eserleri döretmek, il içinden täze, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Medeniýetiň kämilligi jemgyýetiň ruhy taýdan ösüşini belende götermäge ýardam berýär. Raýatlary halal we döredijilikli zähmete ruhlandyrmakda, ilatyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda, halka döwrebap medeni hyzmatlary hödürlemekde Medeniýet öýlerinde geçirilýän döredijilik duşuşyklary örän ähmiýetlidir.
26-njy martda Türkmenabat şäher medeniýet öýünde, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Öwlüýäguly Möwlamowyň we halypa şahyr Almaz Seýitmyradowyň doglan günleriniň 90 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu halypa şahyrlaryň goşgulary okyjylaryň kalbynda orun alan, türkmen edebiýatynyň ösmegine uly goşant bolan eserlerdir.
Halypa şahyrlar Öwlüýäguly Möwlamowyň we Almaz Seýitmyradowyň edebi mirasy, döreden eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti barada Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejebow, «Türkmen gündogary» gazetiniň uly habarçysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, žurnalist Akmyrat Abdyllaýew, Halaç etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Esen Çaryýew, «Iki el» hojalyk jemgyýetiniň başlygy, şahyr Öwlüýäguly Möwlamowyň ogly Hoşgeldi Möwlamow, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, şahyr Almaz Seýitmyradowyň gyzy Täzegül Kullakowa, şahyr Öwlüýäguly Möwlamowyň agtyklary - Türkmenabat şäheriniň 35-nji orta mekdebiniň ýapon dili mugallymy Leýli Möwlamowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Oguzhan Taşew dagy giňişleýin gürrüňleri berdiler. Duşuşykda Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet merkeziniň aýdymçysy Serdar Durdymyradow şahyr Almaz Seýitmyradowyň sözlerine «Gül bile ýar» diýen aýdymy ýerine ýetirdi.
Türkmenistanyň at gazanan artistleri Çynar Jumaýewanyň, Dostmämmet Söýunowyň ýerine ýetiren aýdymlaryny tomaşaçylar şowhunly garşyladylar. Aýdym-sazly döredijilik duşuşygynda, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň artistleri, Türkmenistanyň at gazanan artisti Myrat Orazmuhammedow hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Azat Didarow degişme sahnasy bilen çykyş etdiler.
Döredijilik duşuşyklarynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda, çykyşlarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şöhratly wakalary giňden wasp edildi. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler türkmen edebiýatyny, medeniýetini we sungatyny ösdürmek ugrundaky belent maksatlary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.
Akmyrat REJEBOW,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri