logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

“Leýli-Mejnun” operasy – köňüllerde ýaşaýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň aýdym-saz sungatyny, taryhda yz goýan kompozitorlarymyzyň döredijiligini, türkmen halk dessanlaryny we operalaryny dünýä äşgär etmekde mynasyp işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylan sungat eserleri bu gün täzeden sahnalarymyzyň bezegine öwrülýär.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda “Leýli-Mejnun” operasy ilkinji gezek 1946-njy ýylda saz-sungat ussatlary Daňatar Öwezow we Ýuliý Meýtus tarapyndan döredilip, režissýor Alty Garlyýewiň ýolbaşçylygynda sahnada görkezildi. Opera 4 aktdan we 5 görnüşden ybarat bolup durýar. “Leýli-Mejnun” operasy ýaly ajaýyp sungat eserlerimiziň sahna gaýdyp gelmegi ýurdumyzyň medeni durmuşynda uly waka öwrülýär.
Ýakynda opera ikinji gezek Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sahnalaşdyryldy. Sahna oýnuna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň sazandarlyk etmeginde, halypa mugallymlar we talyplar, şeýle hem, hor topary gatnaşdylar. Sahna oýnunyň režissýory Aýnazar Batyrow we simfoniki orkestriň dirižýory Döwletmämmet Ökdirow yhlasly zähmetlerini gaýgyrman, operanyň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanmagy ugrunda mynasyp işleri bitirdiler. Operanyň her sahnasy tomaşaçylaryň ýüreginde orun tapyp, gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy.