logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«MADDY DÄL MEDENI MIRASY ÖWRENMEGIŇ MILLI TEJRIBESI» atly döredijilik duşuşygy geçirildi

Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynyň emele gelmeginiň täze tapgyry bolan Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata-babalarymyzyň baý mirasyny bütin dünýäde ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri açýan ajaýyp döwürdir.

Muňa Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ählitaraplaýyn ösdürilmegi hem aýdyň mysallaryň biridir. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda BMG-niň möhüm gurluş bölümlerinden biri bolan Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy (UNESCO) bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistan 1993-nji ýylda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy.

2003-nji ýylda ÝUNESKO «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýany kabul etdi. 2011-nji ýylda bolsa Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri onuň iň işjeň agzasy bolup durýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasy ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäginde okuw seminarlary, maslahatlar we dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.

2023-nji ýyldan bäri her ýylyň 17-nji oktýabrynda halklaryň nesilden–nesle geçip gelen baý mirasyna, däp-dessurlaryna, maddy däl medeni gymmatlyklary baradaky bilimlerine we başarnyklaryna bagyşlanan Halkara maddy däl medeni miras güni ÝUNESKO tarapyndan hem-de Konwensiýa girýän döwletler tarapyndan giňden bellenilip geçilýär.

ÝUNESKO tarapyndan bellenilýän Halkara maddy däl medeni miras güni mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynda «Maddy däl medeni mirasy öwrenmegiň milli tejribesi» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu döredijilik duşuşygynyň çäginde türkmen milli gymmatlyklarynyň - halyçylyk, zergärçilik we keramika sungatynyň naýbaşy nusgalarynyň sergisi guraldy. Sergide zergärçilik önümlerini ýasamagyň usullary, keramika sungatynyň kämil önümlerini taýýarlamagyň tärleri, halyçylyk sungatynyň inçe tilsimleri hakynda giňişleýin düşünje berýän ussatlyk sapaklary görkezildi.

Goý, Türkmenistan döwletimiz bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygynyň täze belentliklere göterilmegi ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent maksatly işleri hemişe üstünliklere beslensin.


Ogultäç HOJANAZAROWA,

Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary