Balkan welaýat kitaphanasynda «Magtymguly–Dünýäniň Akyldary» atly sergi döredilip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň söz ussadyna bagyşlap ýazan kitaplary, şahyryň pähim-paýhasa ýugrulan öz eserleri sergide ýerleşdirildi. Balkanabat şäherinde bilim alýan talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda sergide goýlan Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly–Dünýäniň Akyldary»atly kitabyna kitaphana hünärmeni aýratyn syn berdi.
Hormatly Prezidentimiz bu kitabynyň başyny Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň”-atly goşgusy bilen başlaýar. Söz ussadynyň arzuwlan zamanasy, ,,senden soňkulara ýadygär galar” diýip oýlan eýýamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ady arşa galýar. ,,Beýik şahyryň taglymatlary, geljege bolan garaýyşlary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Şonuň üçin Magtymgulynyň şahyrana mirasy dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy”-diýip hormatly Prezidentimiz kitabynda belläp geçýär. Kitabyň üç dilde türkmen, iňlis, rus dillerinde çykmagy beýleki halklar bilen medeni-ruhy gatnaşyklaryň aýdyňlygydyr.
Kitaphana hünärmeni kitabyň çuň mana ýugrulan eserdigini, okap köp zada akyl ýetiriljekdigi barada ýaşlara giňişleýin gürrüň berdi. Akyldar şahyrymyza belent sarpa goýýan, özleriniň ajaýyp eserleri bilen halkymyza, dünýä halklaryna ruhy baýlygymyzy açyp görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýok.